Soňky habarlar

Arhiw

BMG Türkiýäniň adyny üýtgetdi

14:2302.06.2022
0
9974
BMG Türkiýäniň adyny üýtgetdi
Surat: kuku.travel

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Türkiýäniň ähli resminamalarda respublikanyň adyny üýtgetmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyrdy diýip, guramanyň baş sekretarynyň resmi wekili Stefan Dýužarrik habar berdi diýip, RIA “Nowosti” ýazýar.

-«Republic of Turkey (Türkiýe Respublikasy) indi Republic of Türkiye» diýlip üýtgedildi – diýip resmi wekil aýtdy.

Ol üýtgetmäniň Türkiýäniň hökümetiniň ýüztutmasy gelip gowşandan yzysüre güýje girendigini nygtady. Indi ýurduň adynyň gysgaça nusgasy Turkey däl-de, Türkiye bolar. Şeýle-de Türkiýe elipbiý sanawynda öňki ornunda galar.

Öň Türkiýäniň DIM-niň başlygy Mewlut Çawuşoglu ýurduň adynyň ýazuwda üýtgedilmeginiň Ankaranyň döwletiň halkara giňişligindäki abraýyny artdyrmak ugrundaky ädimidigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň