Düýn Angliýadaky «Uembli» stadionynda Ýewro ― 2020-niň we Amerikanyň kubogynyň çempionlarynyň ― Italiýanyň hem Argentinanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda Finalissima duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Argentinanyň ýygyndysynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky pökgüleriň ilkinjisini Lautaro Martines Lionel Messiniň özüne geçiren ajaýyp pasyndan soň 28-nji minutda geçirdi. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 1-nji minutynda Anhel Di Mariýa Argentinanyň ýygyndysynyň ikinji pökgüsini hem geçirdi. Bu gezek Lautaro Martines assist bilen orta çykdy. Duşuşygyň esasy wagtynyň goşmaça goşulan 4-nji minutynda bolsa ýakynda «Ýuwentusdan» aýrylan Paulo Dibala ahyrky sözi sözledi.
PSŽ-niň 34 ýaşly ýyldyzy Lionel Messi duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýip saýlanyldy. Ol iki assist bilen çykyş etdi.