Turkmenportal logo
02.06.2022
21012101
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň olimpiýa ýygyndysynyň baş tälimçisi türkmenistanly derwezeçi Resul Çaryýewe ýokary baha berdi

Özbegistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Timur Kapadze düýn Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda derwezeçi Resul Çaryýewe ýokary baha berdi:


― Garşydaşyň derwezeçisi ýokary derejede çykyş etdi. Onsoň hem olaryň goragy juda gowy oýnady. Hüjümlerimiziň köpüsini yza serpikdirdiler.


Hakykatdan-da, oýnuň deňeçer gitmeginde derwzeçi Resul Çaryýewiň uly goşandy bar. Ol garşydaşyň howply urgularynyň birnäçesini üstünlikli gaýtardy. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň derwezesine urlan 11 metrlik jerime urgusynda-da futbolçynyň pökgini depjek tarapyny dogry kesgitläp bildi, ýöne pökgi onuň eliniň ujuna degip, derwezä girip gitdi.