Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçtanyň» Aşgabadyň demir ýol menzilindäki bölümi welaýatlara ýük ugratmak hyzmatyny dikeltdi

14:0101.06.2022
0
17558

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Aşgabadyň demir ýol menzilindäki bölüminden posylkalaryň hem-de uly göwrümli ýükleriň welaýatlara ugratmak hyzmatyny mümkindigini habar berýär.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň demir ýol menzilindäki ýük bölüminde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ibermeleri resmileşdirmek mümkin. Ibermek üçin islendik ýükler, şol sanda uly göwrümli hem-de agram çäklendirmesiz ýükleriň ählisi degişli (howply ýüklerden başga).

Demir ýol ulagy arkaly ýüki ugratmagyň bahasy, şeýle hem ýüklere bildirilýän çäklendirmeler we talaplar hakynda maglumaty demir ýol menziliniň özünden bilip bolar.

Ibermek üçin ýükler her gün (dynç günsüz) 8:00-dan 20:00-da çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefonlar – 0,75. Şeýle hem «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýtyndan has jikme-jik maglumaty anyklap bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň