Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň gerimini giňeldýär

15:1726.10.2021
0
9697

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna yzygiderli kämilleşdirilýän çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanyp biljekdigini ýatladýar.

Indi ýurduň başga bir şäherine poçta ýa-da hat ibermek üçin poçta bölümine gitmek hökman däl. Çaparlar bukjany gapydan alyp, barmaly ýerine eltip berýärler.

Hyzmat hepdäniň ähli gününde hem elýeterlidir. Onuň kömegi bilen siziň bukjaňyz ýurduň iň uzak nokatlaryna çenli gysga wagtda eltilip berler.

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanmak üçin +99312921495 telefon belgisine jaň etmeli ýa-da «Çapar» mobil goşundysyny göçürip almaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň