Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary ýörite howa gatnawy bilen Türkiýeden getiriler

21:3828.05.2022
0
90797
Türkmenistanyň raýatlary ýörite howa gatnawy bilen Türkiýeden getiriler

30-njy maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlarynyň gelmegi üçin ýörite ýolagçy howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär. «Atavatan Türkmenistan» neşiriniň habar bermegine görä, howa gatnawy Stambulyň halkara howa menzilinden amala aşyrylar.

Bellesek, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda yzygiderli ýolagçy howa gatnawlary koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen birlikde «Turkish airlines» awiakompaniýasynyň hem howa gatnawlaryny alyp barýandygyny aýtmak bolar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 30-njy maýdan Dubaýa (BAE), 1-nji iýundan başlap hem Kazan şäherine (Russiýa) yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýýandygyny ýatladýarys. Kazan şäherine howa gatnawlary hepdäniň her çarşenbe güni Türkmenabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň