Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi «Hemme zat bolup biler» filminiň awtory bilen duşuşdy

21:4227.05.2022
0
23421

Hindistanda geçirilen Tagore International Film Festival (TIFF) halkara kinofestiwalynda iň gowy gysga metražly film diýen ugur boýunça ýeňiji bolan «Hemme zat bolup biler» filminiň awtory Myrat Mollaýew Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widh Pithambaran Nair tarapyndan kabul edildi. Bu barada ilçihananyň sosial ulgamyndaky sahypalarynda habar berilýär.

Myrat Mollaýewiň filmi bäsleşikde ýeňiş gazanan hökmünde Hindistanyň häzirki zaman sungatynyň iň möhüm merkezleriniň biri bolan Bolpuryň Şantiniketane diýen ýerinde görkezildi. Ýatlatsak, bu film eminleriň Outstanding Achievement Award (Aýratyn gazanan üstünlikleri üçin) ýörite baýragyna hem eýe bolupdy.

Myrat Mollaýew Türkmenistanda köpler üçin Myrat Molla — bloger, artist, gysga göwrümli gülküli wideoýazgylary dörediji diýlip tanalýar. Soňky wagtlarda ol özüni režissýor hökmünde hem tomaşaçylar köpçüligine ykrar etdirýär. Onuň döredýän filmleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde geçýän halkara festiwallara gatnaşýar.

Kinofilmiň esasynda giň çölüň jümmüşinde azaşyp, ýol-ugry ýitiren çopan we onuň agtygy baradaky gysga göwrümli waka ýatýar. Wakadan gelip çykýan many-mazmun bolsa tomaşaçylara her bir işi ahyryna çenli sabyrly dowam etmegiň üstünlige ýetirýändigini ündeýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň