Soňky habarlar

Arhiw

«Hemme zat bolup biler» atly gysga metražly türkmen filmi halkara kinofestiwalyň ýeňijisi boldy

18:1114.05.2022
1
66507
«Hemme zat bolup biler» atly gysga metražly türkmen filmi halkara kinofestiwalyň ýeňijisi boldy

Gysga göwrümde surata düşürilen «Hemme zat bolup biler» atly türkmen filmi Hindistanda geçirilen Tagore International Film Festival (TIFF) halkara kinofestiwalynda aýyň iň gowy gysga metražly filmi diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu eser şeýle-de emin agzalaryň Outstanding Achievement Award (Ýokary netije üçin) diýen aýratyn baýragyna hem eýe boldy.

«Hemme zat bolup biler» filmi režissýor Myrat Mollaýew tarapyndan surata düşürildi. Filmiň operatory hem-de kebşirleýjisi hökmünde – Mergen Gurbanlyýew, saz bilen bezän – Kuwwat Gylyjow, ses beren – Kadyr Atabaýew, rollarda bolsa Myrat Mollaýew we Rahat Alowow dagy çykyş etdi.

Bu filmiň sebit derejesinde ýokary baha eýe bolandygyny bellemek gerek. 2021-nji ýylda Almatyda geçen «The 48 hour film project» atly gysga metražly filmleriň festiwalynda-da bu film 2-nji baýrakly orna mynasyp görlüpdi.

Filmde wakalar 1972-nji ýylda Türkmenistanda bolup geçýär. Kinofilmiň esasynda giň çölüň jümmüşinde azaşyp, ýol-ugry ýitiren çopan we onuň agtygy baradaky gysga göwrümli waka ýatýar. Düýeleriniň gözleginde gezip, olar Garagum çölüniň aňňatlaryny aşyp, ýoluny dowam etdirýärler. Wakadan gelip çykýan many-mazmun bolsa tomaşaçylara her bir işi ahyryna çenli sabyrly dowam etmegiň üstünlige ýetirýändigini ündeýär.

Myrat Mollaýew Türkmenistanda köpler üçin Myrat Molla — bloger, artist, gysga göwrümli gülküli wideoýazgylary dörediji diýlip tanalýar. Soňky wagtlarda ol özüni režissýor hökmünde hem tomaşaçylar köpçüligine ykrar etdirýär. Onuň döredýän filmleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde geçýän halkara festiwallara gatnaşýar.

Türkmen režissýorynyň bellemegine görä, «Hemme zat bolup biler» filmi Son of the East Award baýragyna hem mynasyp görüler. Halkara bäsleşigiň ýeňijileri TIFF-iň her ýylda geçirilýän gala-konsertinde yglan ediler

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň