Soňky habarlar

Arhiw

Hindi ýazyjysy Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy

15:2527.05.2022
0
713
Hindi ýazyjysy Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy
Surat: forbes.ru

Hindistanly ýazyjy zenan Gitanjali Şri Halkara Buker baýragyna “Çägeli mazar” («Могила из песка») atly romany üçin mynasyp boldy. Bu abraýly edebiýat baýragyna mynasyp bolan ilkinji hindi dilinde ýazylan romandyr diýip, “The New York Times” neşiri ýazýar.

Kitaby iňlis diline amerikaly Deýzi Rokwelli terjime etdi. Eserde 80 ýaşynda ýanýoldaşy aradan çykan ene barada gürrüň berilýär, ol adamsynyň wepat bolmagyny agyr başdan geçirýär we birdenkä Pakistana gitmek kararyna gelýär.

Gitanjaly we Rokwell möçberi 50 müň britan funty bilen pul sylagyny paýlaşarlar. Olara baýrak Londonda gowşuryldy.

Bu ýyl baýragyň esasy dalaşgärleriniň altysynyň bäşisi zenan ýazyjylar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň