Türkmenistanda 2021/2022-nji okuw ýylynda orta mekdeplerde haýsy bäsleşikler geçirildi?

11:1025.05.2022
0
6456

Şu gün Türkmenistanda ýene bir okuw ýyly tamamlandy. Ýurduň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen «Soňky jaň» dabaralarynyň geçirilmegine möhüm ähmiýet bermelidigini belläp, guralýan çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeten derejesiniň, ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýarlygynyň beýanyny tapmalydygyny nygtady. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmelidigine, uly durmuşa gadam basýan ýaş türkmenistanlylaryň aňynda «Soňky jaň» dabarasynyň iň ýakymly ýatlamalar bolup galmalydygyny aýtdy.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, üstünlikli jemlenen okuw ýyly bilim ulgamynda ýadawsyz işleriň alnyp barlan ýyly boldy. Mekdep okuwçylary bilimleriň täze belentliklerini özleşdirdiler. Olar dürli derejedäki ders bäsleşikleridir sport ýaryşlaryna gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen ýokary derejeli diplomlara, Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «El hünäri il gezer» ýaly bäsleşiklerde, oýlap tapyjylaryň sergisinde öz zehin-başarnygy, dilewarlygy, ussatlygy, çeperligi bilen has tapawutlanan okuwçylaryň döredijilikli işlerine ýokary baha berlip, diplomlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Okuw ýylynyň dowamynda mekdep okuwçylarynyň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döwlet ders we döredijilik (ylmy-taslama, robot tehnikasy) bäsleşiklerinde, onlaýn arkaly geçirilen internet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlara mynasyp bolmagy has-da guwandyrýar. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Adygeýa Respublikasynyň Maýkop şäherinde 7-nji Kawkaz matematika olimpiadasynda, Hindistanyň Deli şäherinde «SOF» (Science Olympiad Foundation) olimpiadasynda, Azerbaýjanyň Baku şäherinde 1-nji halkara Lotfi Zade bäsleşiginde, Polşada geçirilen FISO (Future Intelligence Student Olympiad) olimpiadasynda, ABŞ-nyň Bruklin şäherinde UNIPO (Uniwersal Project Olympiad) olimpiadasynda, Indoneziýada geçirilen matematika olimpiadasynda we beýleki ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolan okuwçylar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň