Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi

15:3324.05.2022
0
6018

Şu gün, onlaýn görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Onuň netijesinde ýygyndy toparymyz “D” toparçada Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýaşlar ýygyndylary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň dowamynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýa döwletinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyryny 2023-nji ýylda Özbegistanda geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň