Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Biziň doganlyk döwletlerimiz geçen onýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak gatnaşyklaryna daýanyp, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. Biz döwletara gatnaşyklaryň ýylýazgysynda täze sahypany açyp, gazak-türkmen hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Energetika, logistika, senagat ulgamlarynda hem-de oba hojalygynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip biler» diýlip, gazak Lideriniň hatynda aýdylýar.
Gazagystanyň Prezidenti geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gaz pudagynda geljegi uly taslamalary amala aşyrmak hem-de türkmen-owgan serhedinde galla terminalyny gurmak barada anyk ylalaşygyň gazanylandygyny nygtap, ýokarda agzalan taslamalaryň üstünde içgin işlemek maksady bilen, Aşgabada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini ugradandygyny belledi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine hem-de häzirki döwürde gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklajakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa doganlyk türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle-de, okaň!