17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky bije çekişligiň torbalary ýygyndylaryň AFK-nyň reýtingindäki ornuna görä düzüldi. Saýlama ýaryşlara 44 ýygyndy gatnaşar.
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy bije çekişlige bäşinji torbadan wekilçilik eder. Bu torbada Kuweýtiň, BAE-niň we Bahreýniň ýygyndylary hem bar.
Beýleki torbalardaky ýagdaý aşakdaky ýaly:
1-nji torba: Täjigistan (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Awstraliýa (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Indoneziýa (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Oman (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan, Eýran, Ýemen, Tailand.
2-nji torba: Iordaniýa (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Wýetnam (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Saud Arabystany (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Bangladeş (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Yrak, Malaýziýa, Owganystan, Hytaý, Gonkong, Bruneý.
3-nji torba: Özbegistan (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Gyrgyzystan (saýlama duşuşyklaryň ýer eýesi), Mýanma, Gündogar Timor, Katar, Palestina, Siriýa, Singapur, Taýwan, Nepal.
4-nji torba: Liwan, Laos, Filippinler, Mongoliýa, Maldiwler, Guam, Butan, Makao, Şri-Lanka, Demirgazyk Marian adalary.
5-nji torba: Kuweýt, Türkmenistan, BAE, Bahreýn.