Top.Mail.Ru

Arhiw

Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi

16:0819.05.2022
0
1642
Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi
Surat: mir24.tv

“Ene-ataňyzyň gaharyny getirmäň, olara agtyk sowgat beriň”. Indi öz ogly bilen gelniniň üstünden kazyýete ýüz tutan gartaşan ene-ata kazydan hut şu sözleri eşitmek isleýär. Emma olaryň ogludyr gelni-de ýan bererli däl, olar asla çaga islemeýärler we özümiz üçin ýaşajak, durmuşyň hezilini görjek diýip aýak direýärler.

Emma ene-atanyňam sabyr käsesi doldy, agtyk bolmasa, kazyýetde gepleşeris diýip, Sanjiw Ranjan Prasad we onuň aýaly Sadhana Prasad ata-ene bolaslarynyň gelýändiklerini aýdýarlar. Köçede kiçijik çaga görseler, olaryň gözlerine ýaş aýlanýar. Ogullary bilen gelni bolsa, eýýäm alty ýyldyr, özleri üçin ýaşaşyp ýör. Emma garrylar olara berk talap bildirdiler— ýa-ha agtyk beriň, ýa-da lomaýja jerime töläň. Jerime-de az däl, tegelek 50 million hindi rupiýasy diýip, hukukçy Arwind Kumar Şriwastaw ýylgyryp gürrüň berýär.

50 million rupiýa diýeniň 658 müň ABŞ dollary, ene-ata munça puly ogullaryny okatmak üçin harçlandyklaryny aýdýarlar. Ogullary munça pula ABŞ-da uçarmanlykdan okady.

Hindistanda çagany Taňrynyň beren peşgeşi hasaplaýarlar, hamyla zenanlary depelerine täç edýärler, çaga dograndan soň olaryň hormaty has-da artýar. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň