Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy

12:4219.05.2022
0
1098
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Surat: vlast.kz

Gyrgyzystanda geçen dört aýyň ykdysady jemleri yglan edildi, netijede jemi içerki önümiň ösüşiniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,5 göterim artyk bolandygy hasaba alyndy diýip, MIR24 ýazýar.

Bilermenler JIÖ-iň artmagyny oba hojalyk pudagynda, nebitönümlerinde we derman senagatynda önümçiligiň möçberleriniň artmagy bilen baglaýarlar. Galyberse-de, bu ýyl maýa goýumlaryň derejesi hem 0,6 göterim ýokarlandy.

Şol bir wagtda dört aýyň netijeleri boýunça Gyrgyz Respublikasynda eksportyň möçberi 13,5 göterim kemeldi. Ykdysatçylar muny dollaryň hümmediniň durnuksyzlygy hem-de önümçilik üçin çig malyň bahasynyň gymmatlamagy bilen düşündirýärler. Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň