Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «AFC Grassroots Football Day 2022» çagalar futbol festiwaly geçirildi

17:0016.05.2022
0
4760
Türkmenistanda «AFC Grassroots Football Day 2022» çagalar futbol festiwaly geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýty

«Aşgabat» stadionynda «AFC Grassroots Football Day 2022» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Oňa oglan-gyzlaryň 150-den gowragynyň gatnaşdy. Bu barada TFF-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guran çagalar futbol festiwalynyň esasy maksady ýurdumyzda futboly giň gerimde ýaýbaňlandyrmak bilen bagly boldy.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar.

Festiwalyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara ýörite taýýarlanan sowgatlar bilen birlikde futbol toplary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň