Soňky habarlar

Arhiw

«Watan» kinokonsert merkezinde konsertler geçiriler

15:5413.05.2022
0
1459

202-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Eldar Ahmedowyň konserti geçiriler. Bu barada kinokonsert merkeziniň administrasiýasy «Turkmenportal» web saýtymyza habar berdi.

Şeýle-de şu ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow bilen onuň ogullary Şöhrat we Baýramhan Saparowlaryň konserti geçiriler.

Konsertler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» merkezi tarapyndan guralýar.

Konsert üçin petekleri kinokonsert merkeziniň kassalaryndan alyp bilersiňiz.

  • Petekleriň bahasy 50 manat.
  • Konsert 16:00-da başlanar.
  • Kassalar irden sagat 09:00-dan 18:00-a çenli işleýär.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-18-65, +99365-53-33-59.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň