Täjigistan GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygyny artdyrdy

16:4011.05.2022
0
846

Netijede, görkeziji 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 901 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, TASS ýazýar.

Bu ýurduň ýanwar-mart aralygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 43 göterim artdy. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Habarda ýurduň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň Russiýa ( 364,9 mln $), Gazagystan (353,9 mln $) we Özbegistan (138,1 mln $) bolup durýandygy aýdylýar.

Ýurduň harytlaryň eksporty boýunça esasy hyzmatdaşlary-da ady agzalan ýurtlar. Import, esasan, Russiýadan (28,3%), Gazagystandan (17,1%), Özbegistandan (7,7%), Türkmenistandan (1,1%) we Belorussiýadan (1%) amala aşyryldy.

Täjigistan, umuman, ýanwar-mart aralygynda dünýäniň 94 ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp bardy, olaryň 10-sy GDA ýurtlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň