Turkmenportal logo
10.05.22
1329713297
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly pälwan Taýhanow Belarusdaky TFC ýaryşynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanly pälwan Taýhanow Belarusdaky TFC ýaryşynda ýeňiş gazandy

Garyşyk söweş boýunça türkmenistanly pälwan Abdylla Taýhanow Minskde geçirilen «Thunder Fighting Championship 2» ýaryşynda belarusly Alekseý Wolçeki ýeňdi.


Ýarymýeňil agram derejesinde geçirilen tutluşyk eýýäm birinji döwde tamamlandy. Ildeşimiz garşydaşyny owadan nokaut bilen ýeňdi.


Bu tutluşygyň Taýhanowyň bir ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji tutluşygydygyny bellemek gerek.


TFC-niň tutluşyklary höwesjeňleriň söweş düzgünleri boýunça geçirilýän, ýöne ol professional guramadyr.


Abdylla Taýhanow häzirki wagtda Belarus Döwlet uniwersitetinde ýokary bilim alýar. Mundan ozal ol Türkmenistanyň karate ýygyndysynyň hatarynda halkara ýaryşlara hem gatnaşypdy.


2020-nji ýylda MMA boýunça Belarusyň çempiony bolan ildeşimiz şol ýyl Belarusyň pankration çempionatynda kümüş medaly eýeledi. Geçen ýyl bolsa ol pankration boýunça hem Belarusyň çempionlygyna ýetdi.