Soňky habarlar

Arhiw

«Lukman gelinlik» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar

17:0806.05.2022
0
1281

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 2022-nji ýylyň 7-nji maýynda sagat 19:00-da Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Lukman gelinlik» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar. Bu barada teatryň administrasiýasy «Turkmenportal» web saýtymyza habar berdi.

«Lukman gelinlik» atly täze sahna eseriniň içine ýurtda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bedenterbiýäni we sporty, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek baradaky alnyp barylýan işler eriş-argaç bolup geçýär. Oba, täze ykbal, täze aň, ykbal ýoluny ýaňy külterläp ugran lukman gyzyň nusgalyk aýtgylary oýna tomaşa etmäge geljek tomaşaçylaryň ýüreginde öçmejek yz goýup biljek derejede gyzykly hem täsirli, Eser türkmen halkyna sagdynlygy, halallygy, sport we sagdyn durmuş ýörelgesini we kämilligi ündeýär.

Täze sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Göwher Muhammetgulyýewa Näzigiň, Gülşat Meňliýewa Haltäjiň, Gözel Çommyýewa Totynyň, Alty Sallandyýew Seýitnuryň, Akmyrat Esenow Galandar babanyň, Oguljan Bekiýewa Nurjemalyň, Mamagül Durdyýewa Miwäniň, artistler Oguljennet Horasanlyýewa Güljemalyň, Wepa Hommatberdiýew Kuwwadyň, Perhat Sallandyýew Kekenäniň, Akmyrat Annamyradow Pirnepesiň, Jennet Çowdurowa Sülgüniň, Aýsenem Geldiýew Aýjemalyň, Senem Durdyýewa bolsa Soltanyň keşbinde çykyş edýär.

Sahna eseriniň bezegini Mekan Annamyradow, saz bezegini Mämmet Hydyrow, yşyk bezegini Muhammetnazar Garajaýew bilen Jeýhun Ataýew ýerine ýetirýän bolsa oýnuň ses režissýory bolsa Kakajan Meretgulyýewdir. «Lukman gelinlik» atly täze sahna eseriniň režissýorynyň assisentleri bolsa Wepa Hommatberdiýew bilen Sanjar Sopyýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň