Aşgabat şäherindäki 1-nji çagalar aýdym-saz mekdebiniň 85 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň medeni işewürlik merkezinde konsert geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, konsertde ýaş zehinleriň ýüzden gowragy çykyş etdi.
Talyplar mugallymlar bilen bilelikde ýerli we daşary ýurtly kompozitorlaryň meşhur eserlerini ýerine ýetirdiler. Guwançmuhammet Saparlyýewiň ýolbaşçylygyndaky mekdep orkestriniň ýerine ýetirmeginde Rejep Rejebowyň, Telman Hajyýewiň, Georgiý Swiridowyň eserleri ýaňlandy. Anželika Ýalkabowanyň ýolbaşçylygyndaky «Altyn serpaý» skripkaçylar topary şirin owazly sazlary ýerine ýetirdiler.
1-nji çagalar aýdym-saz mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň çykyşy täsirli boldy. Ol Ferents Listiň «Söýgi arzuwlary» atly iň meşhur eserlerinden birini ýerine ýetirdi.
Serdar Çaryýewiň akkordeonynyň owazy diňleýjileri Parižiň saýaly köçelerine gezelenje alyp çykdy. Milada Nurlyýewa Döwrangeldi Orazmuhammedowyň skripkada we Jahan Öwezowanyň fortepianoda sazandalyk etmeginde J. Kaççininiň «Ave Mariýa» aýdymyny ýerine ýetirdi.
«1-nji çagalar aýdym-saz mekdebinde okan ýyllarym hakydamda köp-köp ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Ajaýyp mugallym Natalýa Wladimirowna Mažarowadan fortepiano dersini öwrendim. Ol maňa saza bolan ukyplarymy ösdürmäge kömek etdi, şonuň üçin-de onuň bilen döredijilik baradaky eden söhbetlerimizi ýygy-ýygydan ýatlaýaryn. Men hor sapaklaryny-da gaty haladym. Ine, şonda-da geljekki hünärimi saýladym. Täze başlaýan sazandalara öz maksatlaryna ýetmekde üstünlik arzuw edýärin diýip,–Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa gürrüň berýär.»