Turkmenportal logo
03.05.2022
18281828
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan XV Bütindünýä tokaý Kongressine gatnaşdy

2-nji maýda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä tokaý Kongressi öz işine başlady. Kongressiň açylyş dabarasyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hem gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


Halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň 33 sany ministrleri we orunbasarlary, şeýle-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýet, Seul şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary umuman alanyňda 12,500 töweregi wekil agzalary gatnaşdylar.


Kongressiň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň tokaý gullugynyň ýolbaşçysy Çoi Býuňyň we Merkezi Aziýa döwletleriň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Koreýa we Merkezi Aziýanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk” atly plenar mejlisi geçirildi.


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň sanly ulgam arkaly çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrmak, hususan-da ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen, daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi.


BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamana berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.


XV Bütindünýä tokaý Kongressiň işi şu ýylyň 6-njy maýyna çenli dowam eder.