Top.Mail.Ru

Arhiw

Hindistanyň kompaniýalary BP-niň we “ExxonMobiliň” Russiýanyň nebit pudagyndaky paýyny satyn almakçy

12:4229.04.2022
0
1091
Hindistanyň kompaniýalary BP-niň we “ExxonMobiliň” Russiýanyň nebit pudagyndaky paýyny satyn almakçy
Surat: quote.rbc.ru

Hindistanyň Nebit we tebigy gaz ministrligi ýurduň döwlet korporasiýalaryna BP britan korporasiýasynyň Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasyndaky paýyny satyn almak barada teklip bilen ýüz tutdy. Bu barada “The Economic Times” neşiri habar berdi diýip, www.vesti.ru ýazýar.

Şeýle-de Hindistanyň hökümeti ýerli “ONGC Videsh” kompaniýasyna “ExxonMobil” nebit kompaniýasynyň “Sahalin-1” taslamasyndaky paýyny satyn almak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Öň BP Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasynyň paýdarlar kapitalyndan çykmak kararyna gelipdi, onuň “Rosneftdäki” paýy 19,75 göterimi tutýardy.

“Sahalin-1” energetika taslamasyna ExxonMobil (30 göterim), SODECO (Ýaponiýa, 30 göterim), "Rosneft" (20 göterim) we ONGC (Hindistan, 20 göterim) gatnaşýar. Bu taslamanyň ýataklarynyň umumy gory nebitiň 307 million tonnasy we tebigy gazyň 485 milliard kubmetri möçberde bahalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň