Top.Mail.Ru

Arhiw

Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler

18:3125.04.2022
0
1935

Öň Russiýa Federasiýasyndan giden daşary ýurtly brendleriň 200-den gowragy ugurdaş importyň hasabyna yzyna dolanmak isleýärler. Bu barada “Belta” habarlar gullugy “Izwestiýa” neşirine salgylanyp habar berdi.

Bu Russiýanyň “Minpromtorg” edarasynyň Kararyna laýyklykda mümkin bolar, häzir resminama ýurduň Ýustiýa ministrliginde hasaba alynmaly.

Karar parallel, ýagny ugurdaş importa degişli bolan harytlaryň sanawyny kesgitleýär, oňa görä, harytlar Russiýa söwda nyşanlaryň eýeleriniň rugsatnamasy bolmasa hem getirilip bilinýär.

Eýýäm rus hökümeti sanawda Apple, Samsung, Tesla, Bentley ýaly Russiýadaky işini bes eden brendleriň önümleri bolan 200-den gowrak harydy ýurda getirmäge rugsat berdi.

Ugurdaş importa rugsat berlen harytlaryň hatarynda Apple kompaniýasynyň telefonlary, sagatlary we gulaklyklary, Samsung, Nokia, Sony, Siemens, HP gajetleridir elektronikasy, Huawei we Lenovo printerleridir skanerleri, Land Rover, Jeep, Jaguar, Chrysler, Bentley, Cadillac, Tesla, Volvo, Skoda, Toyota, Nissan awtoulaglary bar. Şeýle-de Continental, Michelin, Goodyear we Bridgestone tekerleri, Cummins, Deutz, Kubota, Hyundai, Nissan, Volkswagen, Toyota, Volvo we Scania hereketlendirijileri, Caterpillar, Siemens kompaniýalarynyň senagat enjamlary bar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň