Top.Mail.Ru

Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnalaşdyryldy

14:3722.04.2022
0
5969

Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda Aman Kekilowyň «Söýgi» romany esasynda täze spektakl sahnalaşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Spektaklda Laçyn Nuryýewa, Arslan Hojagurbanow, Parahat Ylýasow dagy baş gahrymanlaryň keşplerinde çykyş edýärler.

Şygyr görnüşinde ýazylan «Söýgi» romany Aman Kekilowyň adyny türkmen edebiýatynda müdimilik goýdy we köp ýyllaryň dowamynda teatrlaryň sahnasyndan düşmän gelýär. Bu esere täzeden ýüzlenmek bilen Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleri adamlaryň durmuşyndaky bolup geçýän wakalara, meselelere, olaryň arzuw-umytlaryna üns berýärler.

Belläp geçsek, ykbalyň güýçli urgularyna garşy duran we adamlarda geljege bolan ynamy sowgat eden söýginiň belent duýgulary hakyndaky bu eseri, ýagny «Söýgi» romanyny ýazmak üçin Aman Kekilow ömrüniň 20 ýylyny sarp edipdir.

Spektakl ýakyn wagtda tomaşaçylara görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň