Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi

16:5321.04.2022
0
1407

UFC-niň braziliýaly wekili Gilbert Býorns Hamzat Çimaýew bilen bolan duşuşykdan soň guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt bilen duşuşandygyny aýtdy.

«Ýeňiş gazanaryn öýdýärdim. Ýöne, näme üçindir, bu başa barmady. Her näme bolsa-da, tutluşyk hemmelere ýarady. Tutluşykdan soň men Dana bilen duşuşdym. Ol indiki gezek ýene bir uly tutluşyga gatnaşjakdygymy aýtdy. Tutluşygyň kim bilen boljakdygy belli däl, ýöne men Dana ynanýaryn. Maňa mynasyp garşydaşy tapar. Diňe garaşmak gerek» diýip, «Ag Fight» neşiri Býornsiň aýdanlaryny getirýär.

Braziliýaly pälwanyň Hamzat Çimaýewden utuklar boýunça asgyn gelendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň