Soňky habarlar

Arhiw

Taýlandyň Futbol assosiasiýasy Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip edýär

12:3421.04.2022
0
8162

Taýlandyň Futbol assosiasiýasy Taýlandyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip edýär. Bu barada News Directory neşiri habar berdi.

Bu duşuşygyň 27-nji maýda Taýlandyň Sisaket prowinsiýasynda geçirilmegi mümkin. Taýlandyň Futbol assosiasiýasy häzir Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan geljek habara garaşýar.

Iki döwletiň futbol ýygyndylary biri-biri bilen taryhda diňe bir gezek duşuşyp gördüler. BU duşuşyk 1998-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirildi. Bongkok şäherindäki «Suphaçalasaý» stadionynda bolan şol duşuşyk 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde Taýlandyň ýygyndysy 111-nji, türkmen ýygyndysy bolsa 134-nji orny eýeleýär.

Bu duşuşyk türkmen futbolçylary üçin Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölegi bolar. Milli ýygyndymyz yklym ýaryşyna çykmak üçin iýun aýynda Malaýziýanyň, Bangladeşiň we Bahreýniň ýygyndylary bilen duşuşar. Duşuşyklar 8, 11 we 14-nji iýun günlerinde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky ähli duşuşyklary Malaýziýanyň paýtagtyndaky «Bukit Jalil» milli stadionynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň