Turkmenportal logo
19.04.22
14281428
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMW elektrik awtoulaglarynyň önümçiliginde iş orunlaryny kemeltmekçi däl
Surat: google.com

Germaniýanyň BMW awtoulag kompaniýasy adaty ulaglaryndan elektrik ulaglarynyň önümçiligine geçende, iş orunlaryny azaltmakçy däl. Bu barada Trend ýazýar.


“Bizde önümçiligiň özgerdilmeginde iş orunlarynyň ýitgisi bolmaz, şu onýyllykda biziň Mýunhendäki kärhanamyzda dolulygyna elektrik ulaglaryň önümçiligine geçmekçi, hiç kim işini ýitirmez” diýip, kompaniýanyň başlygy Oliwer Sipse metbugat beýanatynda habar berdi. Ol eger adaty awtoulaglardan elektrik hereketlendiriji ulaglaryň önümçiligine geçilende, iş orunlarynyň kemelip, köpçülikleýin işsizligiň döräp biljekdigi barada aýyplamalar bilen bagly şeýle beýanat berdi.


Ol şeýle-de ulaglaryň iki görnüşiniň hem önümçiliginiň şol bir ýygnalýan ugurlarda öndüriljekdigini, munda öňki işgärler düzüminiň işlejekdigini aýtdy.