Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen arheologlary Dehistan gadymy ýadygärliginde geçirilen gözlegleriň netijeleri bilen tanyşdyrarlar

23:2314.04.2022
0
12183

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu ýerde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisiniň dowamynda şu ýylyň 16-njy aprelinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maslahatyň maksatnamasy alymlaryň ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýetine hem-de arheologik tapyndylaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlaryny özünde jemlär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatyny diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy hem-de döwrüň talabyna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Belläp geçsek, Dehistan öz döwründe diňe bir 200 gektar meýdany tutýan paýtagt şäheri bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalary özünde birleşdirýän, gür ilatly welaýat bolupdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän günorta-gündogar bölegi häzirki döwrüň geografik kartalarynda «Misserian düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürlerde bu ýerde «Girkaniýa» ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly, giň oazis bolupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň