Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow TSTB-2022 sergisine gatnaşdy

22:5113.04.2022
0
7271

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, Türkmenistanyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan öndürilýän azyk we senagat önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň» diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy.

Türkmen Lideri «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Guwançmyrat Orazow bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, hili hem-de azyk harytlarynyň ýokumlylygy bilen gyzyklandy. Şeýle-de oba hojalyk önümlerini öndürmekde hem-de gaýtadan işlemekde aýratyn işjeňlik görkezýän «Sahabatly» haryt nyşanly azyk önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Köpugurly sergide häzirki zaman senagat we elektron tehnikalaryny öndürýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri görkezilýär. Bu hojalyk jemgyýetiniň harytlarynyň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki sim-kartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, häzirki zaman sowadyjylary, internet ulgamynyň paýlaýjylary (routerler), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar, şeýle hem LED lampalar öndürilýär.

Sergide görkezilen täze harytlaryň hatarynda Türkmenistanda işlenip taýýarlanylan, Gün energiýasynda işleýän ýolyşyklar hem-de ýol belgileri, şeýle hem adamyň gözüne ýaramaz täsiri bolmadyk, halkara ülňülere doly laýyk gelýän lampalar bar. Önüm öndürijiler olary internet ulgamyndaky resmi saýt arkaly ýerleýärler.

Sergide halylaryň özboluşly aýratynlyklary, zergärleriň işleri we keşdeçileriň önümleri bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde haly we haly önümlerini taýýarlamak boýunça işleýän telekeçi O.Eýeberdiýewa haly önümleriniň dürli görnüşlerini, torbalary, dutar gaplaryny öndürmek, halkymyzyň gadymy halyçylyk däplerini, şeýle-de has irki döwürlerde ulanylan keşdeleri, nagyşlary dikeltmek bilen meşgullanýandyklary barada habar berdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar. Bu bolsa isleg bildirenleriň ählisiniň hususy önüm öndürijileriň gazananlary bilen tanyşmagyna mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň