Oleg Kononenko Halkara kosmos giňişligine uçuş senesini yglan etdi

11:4313.04.2022
0
8759

Kosmonawt Oleg Kononenko 2023-nji ýylyň ýazynda Halkara kosmos stansiýasyna syýahat eder. «Roskosmos» kosmonawtlar bölüminiň serkerdesi Moskwiç Mag bilen geçiren söhbetdeşliginde ýakyn geljekde meýilleşdirilen uçuş barada aýtdy.

«Indi bäşinji uçuşa taýýarlanýaryn. Öňde boljak uçuşy geljek ýylyň mart aýynda meýilleşdirýärin. Uçuş üçin birnäçe ylmy derňew işleri geçirildi. Bu bolsa kosmosda bolmagyň köp bölegini alar. Biz, esasan, kosmos maksatnamasyna laýyklykda işleýäris. Uçarda rus halkara kosmos stansiýanyň segmentinde alnyp baryljak synaglar bellenildi. Her kosmonawtyň ýer ýüzünde bolanda taýýarlyk derejesine baglylykda hünärmenler kimiň haýsy synag geçirjekdigini paýlaýarlar. Lukmançylyk kömegi özümizde geçirýäris we birek-birege ýardam berýäris. Şu wagta çenli bedeniň reaksiýalary, kosmosdaky agramsyzlykdaky mümkinçilikler entek doly öwrenilmedi» — diýip, Kononenko belledi.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) doguldy we 15-nji orta mekdebi gutardy. 1988-nji ýylda Harkow awiasiýa institutyny uçar hereketlendirijisi hünäri boýunça tamamlady.

Kononenko halkara kosmos stansiýasyna 2008-nji ýylda ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrdy. Umuman alanyňda, kosmos stansiýasyna dört uçuş etdi we kosmosda 737 gün sarp edip, Halkara kosmos stansiýasyna sarp eden umumy wagtynyň rekordyny täzeledi. 2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda bolsa «Soýuz MS-09» kosmos gämisini barlamak üçin bäşinji gezek açyk meýdana çykdy. Çykyşyň dowamlylygy 7 sagat 45 minut boldy. Bäş älem giňişliginiň umumy dowamlylygy 32 sagat 13 minuda barabar.

Russiýanyň (2009) we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 2019-njy ýylda Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň iň ýokary baýragy bolan «Prezident ýyldyzy» ordeni bilen sylaglandy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň