Aşgabatda çagalaryň tennis festiwaly geçirilýär

09:2413.04.2022
0
5694

14 — 16-njy aprel aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň kortlarynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Bu barada «Turkmenportal» habarlar saýtyna Türkmenistanyň tennis federasiýasy habar berýär.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek sport çäresiniň baş maksady Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda sporty köpçülikleýin wagyz etmek we ösdürmekden, şeýle-de ýaş nesilleriň sport başarnyklaryny artdyrmakdan ybarat.

Bu çäräniň çäklerinde guramaçylar gatnaşyjylaryň arasynda sport bäsleşiklerini hem-de ýörite okuwlary geçirmegi hem meýilleşdirýärler.

14-15-nji aprelde bolsa bu çäre bilen baglylykda «Açyk gapylar güni» geçirilip, onda gyzyklanma bildirýänleriň ählisi tennis sporty bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Festiwalyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň tennis federasiýasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň