Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi

22:5412.04.2022
0
12056

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemleri jemlendi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, şu ýyl bu bäsleşikler uzak aralykdan göni ýaýlymda — onlaýn usulynda geçirildi. Olaryň döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň ýokary tizlikli internet tory we interaktiw multimediýa tagtalary, şeýle hem kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary ulanyldy.

Döwlet bäsleşikleriniň degişli okuw dersleri boýunça ýumuşlary yzygiderli onlaýn usulda ugratmak üçin Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde «Skype» programmasy bilen üpjün edilen merkezler döredildi. Aşgabat şäheriniň, Ahal welaýatynyň okuwçylar toparlary üçin bäsleşikleriň döwlet tapgyry bolsa Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatda geçirildi.

Okuw dersleri boýunça bäsleşikler 2 gün dowam etdi. Olaryň orta mekdepleriň 10-njy synp okuwçylarynyň arasyndaky döwlet tapgyry 5-nji aprelde geçirildi.

10-njy synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulsadap Garaýewa, taryh dersi boýunça Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy Ahmet Annagurbanow, rus dili dersi boýunça Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Mämmetnurow, bu dersden rus dilinde okadylýan synplaryň arasynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Mylaýym Şyhyýewa 1-nji orna eýe boldular.

Adaty mekdepleriň arasynda informatika boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýsenem Işanowa, matematika boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Dawut Muhammetgurbanow, fizika boýunça Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Amantäç Babaýewa, himiýa boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Oguljan Halymowa, biologiýa boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Maýsa Rustamowa 1-nji orny eýelediler.

Ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda informatika boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň okuwçysy Begnazar Begnazarow, matematika boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Mahfuza Hudaýbergenowa, fizika boýunça Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Sanjar Dawranow, himiýa boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň okuwçysy Ýakup Annaorazow, biologiýa boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň okuwçysy Dinara Çaryýewa dagy 1-nji orna mynasyp boldy.

Iňlis dili dersi boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Mähri Guzyçyýewa, geografiýa dersi boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Halym Hanow 1-nji orna eýe boldular.

Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyry bolsa 6-njy aprelde geçirildi.

11-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulnabat Ýazmyradowa, taryh dersi boýunça Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Halida Matkurbanowa, rus dili dersi boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň okuwçysy Arazjemal Öwezowa, bu dersden rus dilinde okadylýan synplaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Anastasiýa Ýaworskaýa 1-nji ornuň eýeleri boldular.

Adaty mekdepleriň arasynda informatika boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Rowaç Merdanow, matematika boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýhan Agasaparow, fizika boýunça Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülälek Kakajanowa, himiýa boýunça Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Begenç Jepbarow, biologiýa boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Bereket Saparglyjew daga hem 1-nji derejeli diplomlar gowşurylar.

Ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda informatika boýunça Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Nazira Ruslanowa, matematika boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerine ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Jennet Zamanowa, fizika boýunça Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Musa Artykow, himiýa boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerine ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Dawut Muhammetgulyýew, biologiýa boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Ahmedowa 1-nji orunlary eýelediler.

Şeýle-de bäsleşikde 1-nji orunlara iňlis dili dersi boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Samir Babajanow, geografiýa dersi boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Ogulsuraý Dowranowa dagy mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň