Belgiýada “Ferrero” şokolad fabriginiň işi togtadyldy

17:5510.04.2022
0
16052
Belgiýada “Ferrero” şokolad fabriginiň işi togtadyldy
Surat: dreamstime

Belgiýanyň Arlon şäherinde Ferrero kompaniýasynyň şokolad fabriginiň işi saklandy. Ol ýerde oň düzüminde zäherlenmä we ýiti aşgazan-içege bozulmasyna getirýän salmonellez tapylan “Kinder” brendiniň önümi öndürilýärdi diýip, “RIANowosti” habar berýär.

Kärhananyň işi Belgiýanyň azyk howpsuzlygy wekilhanasy tarapyndan togtadyldy, edaranyň metbugat habarynda soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Ýewropada salmonelleziň 100-den gowrak adamda hasaba alnandygy nygtalýar. Barlaglar netijesinde kesele ady tutulan fabrigiň önüminiň sebäp bolandygy anyklandy.

Ferrero kompaniýasynyň Arlondaky kärhanasynda Kinder Surprise, Kinder Surprise Maxi, Kinder Mini Eggs we Schoko-bons brendleriniň önümleri öndürilýärdi. Indi bu kärhana önüm öndürmäge rugsatnamadan wagtlaýynça mahrum edildi, taýyn önümler bolsa dükanlardan yzyna alnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň