Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen raýatlary Belarusdan ýörite uçar gatnawy bilen alnyp gaýdylar

12:0010.04.2022
0
13444

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýörite gatnaw bilen türkmen raýatlary Belarusdan alnyp gaýdylar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Minsk milli howa menziliniň resmi web saýtynyň habar bermegine görä, T5786 uçary Minskiden Türkmenbaşy şäherine Boeing 737-800 uçary bilen dolandyrylar. Uçuş ýerli wagt bilen 19:00-da amala aşyrylar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýörite uçar gatnawy bilen Türkmenistana getiriljek raýatlar dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli karantin çäresini berjaý ederler.

Belarusdan Türkmenistana ýörite howa gatnawy soňky gezek 8-nji aprelde ýerine ýetirildi. Bu barada «Turkmenportal» web saýtymyzda hem habar beripdik.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryny ýörite uçuş bilen ýurda getirmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň