«Sport.kg» web saýtynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna Gyrgyzystanda hem uly üns berler. Gyrgyz futbolsöýüjileri ýurduň toparlarynyň ozalky oýunçylarynyň yklym ýaryşynda nähili netije gazanjakdygy bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Neşir häzirki wagtda «Ahalyň» üstünlikleri üçin göreşýän goragçy Ata Geldiýewiň öz döwründe Oş şäheriniň «Alaý», Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» futbol toparlarynda çykyş edendigini ýatlaýar. Şeýle hem «Ahalyň» ýarym goragçysy Amir Gurbany bir möwsümi Bişkegiň «Dordoýynda» geçiripdi.
«Ahalyň» yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny şu gije Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» topary bilen geçirjekdigini ýatladýarys.