Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny çalyşdy

21:4506.04.2022
0
13809

Şu gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminiň guramaçylyk meselesine hem seretdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylýandygyny aýdyp, Ç.Amanowy başga işe geçmegi sebäpli, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşatdy, şeýle-de onuň ýurduň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, döwletiň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny pugtalandyrmakda, hukuk tertibini üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde uly işleri durmuşa geçirendigini belledi we oňa minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezident mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, birnäçe wagtdan bäri abraý bilen gulluk edip gelýändigini, şeýle hem toplan tejribesini göz öňünde tutup, goranmak ministri B.Gündogdyýewi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Şeýlelikde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze düzümini tassyklamak baradaky Permana hem-de Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň