Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler

14:5606.04.2022
1
39404

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary «Duralga» ykjam goşundysynyň kömegi bilen Aşgabatdaky şäheriçi ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlary we wagtlary baradaky anyk maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin olar «Duralga» ykjam goşundysyny iOS we Android platformalaryndan ýükläp almalydyrlar.

Ýolagçylar smartfonlaryndan ykjam goşundyny ulanyp, onlaýn ýagdaýda awtobusyň belli bir duralga näçe wagtda barjakdygyny bilip bilerler. Munuň üçin Aşgabatdaky «Hyundai» kysymly ýolagçy awtobuslaryna ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat berýän GPS yzarlaýjy enjamlar ornaşdyryldy.

Ýolagçylar hyzmaty ulanmak üçin «Duralga» ykjam goşundysyna girmeli we Aşgabadyň islendik künjüni saýlap, özlerine gerekli awtobus duralgasyny tapmaly. Ondan soň durmak nyşanyna basyp, gitmek isleýän ugurlaryny saýlamaly. Soňra ýolagçylar kartadan özlerine iň ýakyn duralgany we awtobus ugurlaryny tapmaly. Awtobuslar döwlet bellige alyş belgilerine görä bellik edilýär (mysal üçin 1545 AGG). Ýolagçylar awtobusyň näçe wagtdan bellenilen nokada barjakdygyny kartanyň üsti bilen anyklap bilerler.

Ykjam goşundy täze awtobus ugurlary we duralgalar baradaky maglumatlar bilen yzygiderli doldurylýar we täzelenýär. Olary ýükläp almak üçin ulanyjylar Google Play we AppStore internet dükanlaryndan «Duralga» ykjam goşundysyny täzelemeli. Ykjam goşundyny türkmen, rus we iňlis dillerinde ulanyp bolýar.

«Duralga» ykjam goşundysyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň