Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Stambuldan ýörite uçuş amala aşyrdy, Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 28 sany ýolbaşçysyny belledi, «Awaza» şypahanasy myhmanlary kabul edip başlady we beýleki täzelikler

11:1406.04.2022
0
16362

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrdy. Bu gatnaw arkaly Türkiýeden 290 sany türkmen we goňşy ýurtlarynyň raýatlary ýurdumyza getirildi. Türkiýeden ýörite uçuş arkaly gelen raýatlaryň ählisi hökmany karantin çäresini geçerler.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen bagly maslahat geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti toplumlar boýunça gözegçilik edýän wise-premýerler tarapyndan hödürlenen 28 sany dalaşgäri wezipä tassyklady.

3. «Awaza» şypahanasy bu ýerde bejergi almak isleýän Türkmenistanyň dürli künjeginden raýatlar üçin gapysyny giňden açdy. Şypahana dürli keselleriň öňüni almak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Şypahana bir wagtyň özünde 200 adamy kabul etmek mümkinçiligine eýe.

4. Jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketini yzarlamaga we awtobuslaryň gatnaw ugurlaryny bilmäge mümkinçilik berýän «Duralga» mobil priloženiýesini 3 müň töweregi ulanyjy ýükläp aldy.

5. Ekologiýa çäresiniň dowamynda Aşgabatda köçeleriň haýsy böleginiň açyk boljakdygy mälim boldy. 8:00-dan 18:00 aralygynda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary Gurbansoltan eje, Magtymguly, Köpetdag şaýollary boýunça hereket edip bilerler. Şeýle hem Kemine köçesi, Bekreweden Gurbansoltan eje şaýoluna çenli bölekden hem-de Ankara köçesinden Parahat – 7 ýaşaýyş toplumyna çenli ulagly hereket edip bilerler.

6. 20-nji aprelde Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler. Satlyga 15 sany desga çykarylar. Başlangyç tölegi we ýörite ýygymy tölän ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlary söwda gatnaşyp biler. Arzalar 19-njy marta çenli kabul edilýär.

7. UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň birinji duşuşygynda «Mançester Siti-niň» futbolçylary Madridiň «Atletikosyndan» üstün çykdy. Duşuşykda ýeke-täk goly 70-nji minutda ýer eýeleriniň kapitany Kewin De Bruýne geçirdi. Ugurdaş duşuşykda «Liwerpul» myhmançylykda «Benfikany» 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

8. Ilon Mask Twitter sosial ulgamynyň paýnamalarynyň 9,2%-ni satyn aldy. Olaryň umumy bahasy 2,89 milliard amerikan dollary deň boldy. Şeýlelikde, amerikaly milliarder kompaniýanyň iri paýdarlarynyň birine öwrüldi. Bu täzelik Twitteriň paýnamalarynyň bahasynyň 25 % artmagyna getirdi.

9. Indoneziýanyň kenarýakasynda 5,9 magnitudaly güýçli ýer titreme bolup geçdi. Tebigy betbagtçylygyň epi merkezi ilat sany 451 müň adam bolan Manado we ilat sany 101 müň adam bolan Ternate şäherleriniň aralygynda ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň