Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary Stambul—Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw bilen watanyna gaýdyp geldi

11:1905.04.2022
1
69348

Şu gün ir bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Boeing 777-200LR uçary bilen Stambul—Türkmenabat ugry boýunça guralan ýörite uçuş bilen türkmen raýatlary Türkiýeden we beýleki goňşy döwletlerde öz watanyna gaýdyp geldiler.

Stambul halkara howa menziliniň onlaýn tablosynyň habar bermegine görä, ýörite guralan uçuş 4-nji aprelde ýerli wagt bilen 21:09-da uçdy.

Türkmen raýatlarynyň 290-sy T53922 ýörite uçurda Türkmenistana gaýdyp geldi. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Ýadyňyzda bolsa Türkmenistan dünýäniň birnäçe ýurtlary bilen yzygiderli howa gatnawlaryny dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýdynda togtadypdy.

Belläp geçsek, ýörite uçar gatnawy bilen öz watanyna getirilen türkmen raýatlary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenabat şäherinde karantinda bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň