Top.Mail.Ru

«Serçä öwrülen oglanjyk» sahna çykýar

14:3204.04.2022
0
1300

Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýazyjy Kömek Kulyýewiň «Adam bolmak kyn» atly powesti esasynda «Serçä öwrülen oglanjyk» atly täze oýun sahnalaşdyryldy. Pýessanyň awtory hem-de oýny goýujy režissýor Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýazgeldi Pirmedowdyr. Bu oýun onuň gurjak teatryndaky ilkinji synanyşygydyr.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň «Turkmenportal» web saýtymyza habar bermegine görä, spektaklda baş gahrymanyň (oglanjygyň) keşbini teatryň artisti Ybraýym Atamyradow ýerine ýetirýär. Ol oglanjyk gaty garagol bolanlygy üçin, elmydama onuň ene-atasyna mekdep mugallymlary iýgenip durýarlar, oňa öz nägileliklerini bildirýärler. Oglanjyk mekdepde okamaga ýaltanyp, öz garagollyklary üçin ene-atasynyň käýinçlerinden ýadap, erkana uçup ýören serçeleriň arasyna goşulmagy arzuw edýär. Ol guşa öwrülip erkana gezmegi isleýär. Onuň bu arzuwyny Jadygöý serçe hasyl edýär. Sahna eserinde Jadygöý serçäniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaçary Kakabaýew ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.

Oglanjyk serçä öwrülenden soň, onuň serçelik durmuşy başlanýar. Öň ene-atasynyň saýasynda erkana gezip ýören oglanjyk serçeleriň sürüsinde birnäçe kynçylyklara gabat gelýär. Oglanjygyň ejesi bolsa, serçä öwrülip, gaýyp bolan oglunyň ne hallara düşüp, nirelerde gezip ýörendigini bilmän göz ýaş dökýär.

Sahna eserinde oglanjygyň ejesiniň keşbinde teatryň artisti Oguldöndi Bäşimowa, kakasynyň keşbinde bolsa, Myrat Kakabaýew çykyş edýär. Bu sahna eserinde serçä öwrülen oglanjygyň gözýaş döküp oturan ejesini görüp, onuň ýanynda perwaz uruşy has-da täsirli. Enäniň gözýaşyna serçeler hem döz gelip bilmän, Jadygöý serçeden oglanjygy öňki, adam keşbine getirmegini ýalbaryp haýyş edýärler. Şeýlelikde, oglanjyk adam keşbine täzeden gaýdyp gelýär we öz eden hereketine, ýalňyşlygyna ökünýär.

Täze sahna eserinde adamzat durmuşy bilen haýwanat dünýäsiniň sazlaşykly suratlandyrylmagy, bu spektaklyň has-da täsirli bolmagyna getiripdir. Spektaklda serçeleriň aýry-aýry keşpleri has-da täsirli. Olaryň içinde küleje serçe-de bar. Bu keşbi Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülsere Jumaýewa ýerine ýetirdi. Uly serçäniň keşbinde bolsa, teatryň artisti Bäşim Şamyradow çykyş edýär. Teatryň artistleri Maýa Meläýewa, Gülnar Orazgeldiýewa, Ogulsadap Çaryýewa beýleki serçeleriň keşplerini ýerine ýetirdiler. Oglanjygyň synpdaşlarynyň keşplerinde bolsa, teatryň artistleri Aýtäç Mergenowa, Annamyrat Kakageldiýew hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary çykyş etdiler.

«Serçä öwrülen oglanjyk» atly täze oýnuň sahna bezegini Ogultäç Myradowa bilen Kerim Nuryýew, saz bezegini Guwanç Garajaýew, yşk bezegini bolsa Agamyrat Durdyýew ýerine ýetiripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň