Alymlar medeniýetiň, gündelik durmuşyň we geografiýanyň haýsy aýratynlyklarynyň adamlaryň kognitiw ukyplaryna täsir edýändigini öwrendiler. Olar obada we şäherde önüp-ösen adamlaryň giňişlikde ugur alyş ukyplaryny derňediler. Görlüp oturylsa, obada doglanlar ugur almakda has uly ukyplara eýe ekeni. Bu barada Nature žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar diýip, MIR24 ýazýar.
Fransiýanyň Milli ylmy-barlaglar merkeziniň hünärmenleri giňişlikde ugur almak ukyplaryny öwrenmek üçin 38 ýurtdan 397 müň 162 sany adamy synagdan geçirdiler. Olar wideooýunlarda bir ýerden beýleki bir ýere geçmek boýunça kartadan peýdalanmaly boldular.
Şäherde önüp-ösenler göni köçeleri bolan ýerlerde ýumuşlary aňsat ýerine ýetirýärler, obada önüp-ösenler bolsa köçeleri bitertip ýerleşen giňişliklerde çylşyrymly şertlerde ugur-ýol almak boýunça hiç hili kynçylyk çekmeýärler. Olaryň arasynda obada ýaşamagyny dowam edýänler has-da öňe saýlandylar.
Alymlar adamlaryň çagalykda ýaşan geografiki şertlerine meňzeş giňişliklerde has oňar ugur alýandyklary barada netijä geldiler.
