Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa 31-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, M.Çakyýew döwlet Baştutanyna Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri seljerilip, «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýetiniň teklibiniň seçilip alnandygy barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň hiline hem-de inženerçilik-tehniki üpjünçiligine, binalaryň daşky we içki bezeglerine hem-de olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm üns berilmelidigini nygtap, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.