RF-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza bermekligi dikelder, Aşgabatda OGT-2022 forumy başlady, Türkmenistanda ilata hyzmatyň derejesi ýokarlandyrylar we beýlekiler

11:1430.03.2022
0
26594

1. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary, şeýle-de ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan adamlar üçin ähli kategoriýalara wiza bermek boýunça işiň gaýtadan dikeldilendigini mälim etdi. Raýatlar «Russiýa Federasiýasyna wiza almak üçin resminamalary kabul etmek» we «garaşmak sanawy» hyzmaty üçin q.midpass.ru web sahypasynyň üsti bilen ýazylyp bilerler.

2. Türkmenistanda ýurduň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara maslahat — OGT-2022 öz işine başlady. Maslahata gatnaşýan wekilleriň hatarynda CNPC, SOCAR, Dragon Oil, TAPI, Haldor Topsoe, NAPECO we Yug-Neftegaz ýaly iri energetiki kompaniýalarynyň wekilleri, energetika guramalarynyň ýolbaşçylary we iri maliýe institutlarynyň wekilleri bar.

3. 28-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň söwda nokatlarynyň işine ünsi çekdi we ilata hyzmat edişiň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

4. Türkmenistanda şu ýylda 2 müň 300 tonnadan gowrak pile öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

5. Türkmenistanyň Ahal welaýatynda täze hassahanalary, Saglyk öýlerini, çagalar baglaryny, umumy bilim berýän mekdepleri we jemgyýetçilik maksatly beýleki desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
Gyzyklanma bildirýän gurluşyk kompaniýalary bäsleşige gatnaşyp, degişli arzalaryny we tekliplerini Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligine iberip bilerler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40. Faks: (+993 12) 57-43-27.

6. Aşgabatda türkmen operasyny esaslandyryjy Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sahnasynda tenor Meýlis Myratgeldiýew we bariton Begenç Gaipow çykyşlary ýerine ýetirdiler.

7. «Türkmen demir ýollary» Agentliginiň wekilleri türkmen we koreý ulagçylarynyň duşuşygyna gatnaşdylar. Duşuşyk Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ulag geçelgelerini birleşdirýän esasy ulag geçelgelerini baglanyşdyrmaga gönükdirildi.

8. Apple iPhone 14-i köpçülige çykarmak üçin synaglary geçirip başlady. IT ägirdi geljekde çykaryljak smartfonlarynyň tamamlaýjy häsiýetnamalaryny kesgitledi we eýýäm başlangyç önümçilik synaglaryny üstünlikli tamamlady. Häzirki wagtda işläp taýýarlaýjylar tehniki synaglar tapgyryna geçdiler.

9. 1969-njy ýylda Ýeriň hemrasy Aýa baran wagty NASA agentliginiň astronawty Nil Armstrong tarapyndan toplanan Aý tozy auksiona çykaryldy. Bäsleşikli söwdany 13-nji aprelde geçirmek meýilleşdirildi. Lotuň başlangyç bahasy 800 müň amerikan dollary. Aý tozunyň satuwyndan gazanyljak serişdeleriň bir bölegi ylmy haýyr- sahawat maksatlaryna gönükdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň