Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gollandiýadan getirilen meýdança otlarynyň tohumlary alyjylara ýetirilýär

11:3028.03.2022
0
6305
Türkmenistanda Gollandiýadan getirilen meýdança otlarynyň tohumlary alyjylara ýetirilýär

Türkmenistanyň ýer jaýlarynda we kottejlerde ýaşaýan raýatlary üçin howlularyny ýylyň islendik şertlerinde durnukly bolan tebigy meýdança bilen bezemek mümkinçiligi elýeterli boldy.

Yssy we gurak howaly ýurtlar üçin Gollandiýanyň «BARENBRUG» kompaniýasy guraklyga, ýokary howa temperaturasyna çydamly, gün şöhlelerine durnukly, suwarmazlyk üçin suw tygşytlaýjy «Water Saver» ot garyndysyny döretdi. Onuň düzüminde birnäçe metr çuňlukdan çyglylyk bilen üpjün etmäge ukyply ösümlik bardyr.

Açyk howada oýun oýnamagy halaýanlar meýdança otunyň hiline ýokary baha bererler, sebäbi onuň düzümindäki däneleriň utgaşykly bolmagy meýdançanyň sport oýunlary oýnalanda hem üýtgewsiz bolmagyna ýardam edýär. Şeýle-de golland önümçiliginiň tebigy otlary arassalygy, düzüminde hapa we dürli garyndylaryň ýoklugy bilen tapawutlanýar.

«BARENBRUG» kärhanasynyň meýdança we iým otlarynyň tohumlaryny ösdürmekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasap edilýändigini bellemek gerek. Bir asyrdan gowrak taryhynyň dowamynda kärhanada otlaryň dört ýüz töweregi görnüşi döredildi.

Kompaniýanyň meýdança otlarynyň tohumlary türkmen bazarynda 2016-njy ýylda peýda boldy. Gollandiýanyň kompaniýasynyň resmi paýlaýjysy ýurduň islendik sebitiniň howa şertine durumly bolan ot garyndylaryny alyjylara ýetirýär.

Türkmenistanda bu ot garyndylaryny şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp, ýa-da degişli salgylara ýüz tutup satyn alyp bilersiňiz: +99365 80 65 95; +99312 47 38 67; IMO hasaby: +99365 03 92 21; sosial ulgam; Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 70-nji jaý, 503-nji iş nokady.

Bu önümler lomaý sargyt etmek üçin, şeýle-de 15 kilogramlyk gaplarda bölekleýin almak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň