Turkmenportal logo
23.03.22
14171417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň 1-nji raketkasy tennis bilen hoşlaşdy

Dünýäniň 1-nji raketkasy Eşli Barti garaşylmadyk ýagdaýda tennis bilen hoşlaşýandygyny habar berdi.


WTA-nyň metbugat gullugy bu barada awstraliýaly tennisçiniň: «Tennis maňa ähli zady berdi we men oňa juda minnetdar. Ähli arzuwlaryma ýetdim. Indi täze arzuwlaryma sary ýola düşýärin» diýendigini ýazdy.


Eşli bu karara ikinji gezek gelýär. Ol karýerasyny 2014-nji ýylda hem ýapypdy, ýöne iki ýyldan soň ýene-de kortlara dolanypdy.


Ýeri gelende aýtsak, awstraliýaly tennisçi WTA ýaryşlarynda 15 gezek ýeňiji boldy. Ol üç gezek «Uly tuwulgalaryň» hem ýeňijisidir. Tutuş 119 hepdeläp WTA-nyň reýtinginiň başyny çekdi. Bu bolsa tennis taryhyndaky iň gowy netijeleriň ýedinjisidir.