Ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäklerinde onlaýn usulda ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Tebigy we takyk, ynsanperwerlik ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini, başarnygyny ösdürmekden, häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk döredijilikli pikirlenýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, olary hünärlere ugrukdyrmakdan hem-de okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 160-dan gowragy özleriniň 90-dan gowrak işi bilen gatnaşdy. Emin agzalary hödürlenen işlere bäsleşigiň şertlerine görä, işiň temasynyň wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeligi, amaly gymmatlygy, taýýarlanylyşy, beýan edilişi, ony durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi ýaly şertler boýunça baha berdiler.
Taslama işlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda öňde goýlan wezipelerdir döwrebap ösüşleriň möhüm ugurlary özboluşly beýanyny tapýar.
Ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ynsanperwerlik we durmuş bilimleri ugry boýunça Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kerim Myradow, Selim Goçmyradow, takyk ugurly dersler boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Orazmyrat Sähetmyradow, Sähetmyrat Abdullaýew, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Akynýaz Ýazmyradow, tebigy ugurly dersler boýunça Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Selbi Annaorazowa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Allanazar Hudaýberenow, Ygtyýar Satlykmyradow ýaly zehinli ýaşlaryň taýýarlan işlerine ýokary baha berlip, olar birinji orna mynasyp görüldi.
Emin agzalary ähli ugurlar boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny aýratyn bellediler. Ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginde ýeňiji bolan okuwçylara Bilim ministrligi tarapyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.