2022-nji ýylyň 14 — 18-nji marty aralygynda Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gibrid görnüşinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, sessiýa neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümetara guramadan we 72 hökümete degişli däl guramadan 1400 adam gatnaşdy. Onuň başynda BMG-niň Ykdysady we Durmuşy Geňeşiniň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe serişdelerine gözegçilik boýunça Halkara komitetiniň, BMG-niň HIV/AIDS boýunça Birleşdirilen Maksatnamasynyň (UNAIDS) ýolbaşçylary çykyş etdiler. Bu halkara guramalaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda neşe serişdeleriniň global gözegçiligi babatynda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmeginde we olaryň kämilleşdirilmeginde Neşe serişdeler boýunça komissiýanyň ornunyň wajypdygyny nygtadylar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynyň dowamynda nobatdaky duşuşygyň guramaçylaryna minnetdarlyk sözlerini beýan edip,
Türkmenistanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alnyp barylýan işler barada aýtdy, bu ýaramaz nogsana garşy barlyşyksyz we berk göreşmek ýurduň syýasatynyň ileri tutýan esasy bir ugury bolup durýandygy belläp geçdi.
Mundan başga-da, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmekde Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň bardygy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmenistan BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşýar.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan neşe serişdelerine garşy göreş boýunça meselelere degişli ýokary derejeli köptaraplaýyn forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýandygy aýdyldy.
Bu netijeli tejribäni dowam etmek maksady bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça Kiçi toparyň 55-nji mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.
Şeýle hem Komissiýa rezolýusiýalaryň taslamalaryna seretdi we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi.
Belläp geçsek, Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar.