Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidt Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, gutlag hatyny ýollady. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:
«Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli gutlaýaryn!
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurduňyz bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär we Siziň baştutanlygyňyzda bu özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň dowam etjekdigine, şol sanda ilçi MakGregoryň ýolbaşçylygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň üstünlikli işleri netijesinde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Biziň hemmämiziň ählumumy howpsuzlygy ýitileşdirýän köp sanly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtymyzda ÝHHG-niň ähli sebitinde howpsuzlygy üpjün etmäge Siziň goldawyňyza bil baglaýaryn.
Biziň hyzmatdaşlygymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy has-da berkitjekdigine ynanýaryn.
ÝHHG Siziň milli edaralaryňyz bilen ýakyndan gatnaşyklaryna hem-de ýurduňyzyň saýlap alan ýoluny goldamaga ygrarly bolmagynda galýar».
