Gyrgyzystanda halas ediji alpinist hünärmenleriň iki topary dörediler. Olar Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginde işlärler. Hersi 20 adamdan ybarat toparlar ýurduň günorta we demirgazyk belentliklerinde gözegçilik ederler. Bu barada MIR24 ýazýar.
“Dikuçar satyn alýarys, “Ala Arçada” merkez açýarys. Halkara ölçeglerine laýyklykda, daga münüjiler halkara güwänamasyny alarlar” diýip, Gyrgyz Respublikasynyň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Boobek Ajibekow habarçylara gürrüň berdi.
Ýörite topary döretmäge Gyrgyzystana Türkiýe ýardam etdi. Halas edijiler daga münmegi halaýanlar kynçylyga uçranda, onuň ýanyna 20 minutda baryp bilerler. Taslama şu ýylyň aýagynda işe goýberiler.